Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawudyň batyr ýigitleri şulardy: Hakmonynyň ogly Ýaşobgam. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde üç ýüz adamy öldürdi. Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. Piliştliler Pasdammymda söweşmek üçin toplanyşanlarynda, ol hem şol ýerde Dawudyň ýanyndady. Ol ýerde arpa ekilen bir bölek ýer bardy. Halk piliştlilerden gaçdy, ýöne Elgazar bilen Dawut meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri goradylar we piliştlileri gyrdylar. Reb olary uly ýeňiş bilen halas etdi. Otuz serdaryň üçüsi Dawudyň ýanyna, gaýadaky Adullam gowagyna gitdi. Piliştlileriň goşuny bolsa Rapa jülgesinde düşläpdi. Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady. Dawut arman edip: «Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw getirip beren bolsady, şondan bir içsemdim» diýdi. Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdiler. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi. Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Hudaýym! Ýüregine daş baglap giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi. Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamy öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. Ol üç batyr ýigitden iki esse artyk hormatlandy. Abyşaý ýigitleriň biri bolmadyk-da bolsa, olara baştutan boldy. Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi; şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi. Ol boýy bäş tirsek bolan müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde dokma agajy ýaly naýzasy bardy. Benaýa onuň üstüne taýakly topulyp, elindäki naýzasyny alyp, öz naýzasy bilen onuň özüni öldürdi. Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. Ol otuz serdaryň arasynda iň meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy. Goşunlaryň batyr ýigitleri şulardy: Ýowabyň dogany Asahel, beýtullahamly Dodonyň ogly Elhanan, harotly Şammot, pelonly Heles, tekowaly Ikeşiň ogly Yra, anatotly Abygezer, huşaly Sibekaý, Ahowanyň nesli Ylaý, netopaly Maharaý, netopaly Bagananyň ogly Helet, benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý, pirgatonly Benaýa, Gagaş jülgelerinden Huraý, arbaly Abyýel, bahurymly Azmawet, şagalbynly Elýahba, gizonly Haşem, hararly Şageniň ogly Ýonatan, hararly Sakaryň ogly Ahyýam, Uruň ogly Elipal, mekeraly Heper, pelonly Ahyýa, karmelli Hesro, Ezbaýyň ogly Nagaraý, Natanyň dogany Ýowel, Hagrynyň ogly Mibhar, ammon halkyndan Selek, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýaragçy nökeri beýerotly Nahraý, ýytra urugyndan Yra we Garep, het halkyndan Uryýa, Ahlaýyň ogly Zabat, rubenleriň baştutany, rubenlerden bolan Şizanyň ogly Adyna we onuň otuz ýigidi, Magakanyň ogly Hanan, mitanly Ýoşapat, aştarotly Uzyýa, arogerli Hotamyň ogullary Şama we Ýegiýel, Şimriniň ogly Ýedigaýel, onuň dogany tisli Ýoha, mahawaly Eliýel, Elnagamyň ogullary Ýeribaý bilen Ýoşawýa, mowaply Ýytma, Eliýel, Obet, mesobaly Ýagsyýel. Birinji aý üçin birinji bölüme Zabdyýeliň ogly Ýaşobgam ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň bölüminde ýigrimi dört müň adam bardy.
Выбор основного перевода