Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýyşaý ony getirtdi. Ol gyzylmeňizdi, görmegeýdi, gözleri owadandy. Reb: «Bu şol, tur, onuň başyna ýag guýup saýla» diýdi. Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi. Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim. Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek. Dawut ölmeziniň öň ýanynda ogly Süleýmany ýanyna çagyryp, oňa şeýle wesýet etdi: «Her kes kimin men-de dünýäden ötmeli pursadym golaý geldi. Sen tutanýerli bol, mert bol. Öz Hudaýyň Reb näme buýursa, ony ýerine ýetir; Rebbiň ýollaryndan ýöräp, Onuň parzlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini hem-de öwüt-ündewlerini Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly berjaý et. Şonda sen näme etseň-de, nirä gitseň-de, işiň şowuna bolar. Onsoň Reb: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak goýup, bütin kalplary, jan-tenleri bilen Maňa iman edip ýaşasalar, ysraýyl tagtyndan seniň nesliňiň arkasy kesilmez“ diýip, maňa beren wadasyny berjaý eder. Şeýle hem Seruýanyň ogly Ýowabyň maňa näme edenini hem-de onuň Ysraýylyň iki goşunbaşysyny Neriň ogly Abneri hem-de Ýeteriň ogly Emasany öldürip, näme edenini özüň bilýänsiň. Ol uruş wagtyndaky gan üçin asudalyk wagtynda ar alyp, olary öldürdi. Ýowap eşiklerini uruş döwründäki ýaly gana bulady. Sen pähim-paýhasyňa görä hereket et. Ýowap garrylyk çagynda ölüler dünýäsine asudalykda inmesin. Gilgatly Barzyllaýyň ogullaryna mähirli bol. Sen olary zerur zatlar bilen üpjün et, çünki men doganyň Abşalomdan gaçanymda, olar maňa ýagşylyk etdiler. Şeýle hem Bahurymdan bolan benýaminli Geranyň ogly Şimgi bardyr. Mahanaýyma barýarkam, ol maňa erbet gargyş etdi, ýöne ol Iordan derýasyna meni garşylamaga gelende, men oňa: „Men seni öldürmerin“ diýip, Rebden ant içdim. Emma sen Şimgini jezasyz galdyrma, çünki sen paýhasly adamsyň we oňa näme etmelidigiňi özüň bilersiň. Şimgi garrylyk çagynda ölüler dünýäsine asudalykda inmesin». Öz bendesi Dawudy saýlap, ony goýun agylyndan Ol aldy. Ony saýlap-seçen milleti Ysraýyla – Öz halky bolan Ýakup nesline çopançylyk etmeklik üçin, guzuly goýunlaryň yzyndan Ol alyp galdy. Sen birwagtlar aýanlykda Öz sadyklaryňa şeýle diýipdiň: «Men edermene kömek berdim, Men halkyň içinden ony saýladym. Men Öz gulum Dawudy tapdym, başyna mukaddes ýagymy çalyp, ony saýladym. Ol batly gygyryp diýer: „Sen – meniň Atam Hudaýym, gutulyş Gaýam!“
Выбор основного перевода