Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Yshak Rebekany ejesi Saranyň ýaşan çadyryna alyp bardy. Yshak Rebeka öýlendi we ony söýdi. Şeýdip, Yshak ejesiniň ölümi üçin çekýän hasratyndan köşeşdi. Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen ölüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi. Ýöne Dawut adamlarynyň arasynda bir hyşy-wyşynyň bardygyny görüp, çaganyň ýogalandygyna düşündi. Ol adamlaryna: «Çaga ýogaldymy?» diýdi. Olar: «Hawa, ýogaldy» diýdiler. Dawut ýerinden galdy, ýuwundy, üstüne atyr sepdi we geýimlerini çalşyrdy. Soňra Rebbiň öýüne gidip ybadat etdi. Soň öýüne gaýdyp geldi we naharlanjakdygyny aýtdy. Öňünde nahar goýdular, ol naharlandy. Adamlary oňa: «Çaga dirikä, agyz beklediň we agladyň. Ol ýogalandan soň bolsa, turup naharlandyň. Bu näme etdigiň boldy?» diýdiler. Dawut: «Çaga dirikä, agyz bekledim, agladym. Sebäbi men: „Kim bilýär, belki, Reb maňa rehim eder, çaga gutular“ diýip oýlanypdym. Emma ol ýogalansoň, men näme üçin agyz bekläýin? Men ony yzyna getirip bilerinmi? Men onuň ýanyna giderin welin, ol indi meniň ýanyma gelmez» diýip jogap berdi.
Выбор основного перевода