Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakubyň ogullarynyň meýdandan gaýdyp gelýän wagty, Şekemiň kakasy Hamor Ýakup bilen gepleşmek üçin onuň ýanyna gitdi. Oglanlar bu habary eşidip, gazap donuny geýdiler. Çünki Şekem Ýakubyň gyzy bilen ýatyp, ysraýyl halkyny ile ryswa edipdi. Isle bir öýde, isle başga ýerde doglan bolsun – parhy ýok, öz aýal doganyň bilen ýa-da kakaňyň ýa-da ejeňiň gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme. Öweý eneňden bolan öweý aýal doganyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň kakaňdan önen aýal doganyňdyr. Eger bir adam öz gyz doganyna, kakasynyň ýa ejesiniň gyzyna öýlense, olar köpçüligiň öňünde masgaralanyp, öz halkynyň arasyndan çykarylsyn. Ol adam öz gyz dogany bilen jyns gatnaşygyny edenligi üçin jezalandyrylmalydyr. Öýüň hojaýyny daşaryk çykdy-da: «Ýok, doganlar, beýle azgynçylyk etmäň, ol meniň myhmanym, siz beýle aýyp iş etmäň. Men gyrnak aýalymy ol ýerden getirip, kesişdirdim-de, Ysraýylyň ähli ýerine iberdim, çünki Ysraýylda kada-kanuna laýyk gelmeýän, masgaraçylykly iş etdiler. Mundan başga-da, Men olary milletler arasyna pytradyp, başga ýurtlara dargatjakdygyma çölde ant içdim.
Выбор основного перевода