Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
«Ysraýyllara aýt, Maňa sadaka bersinler. Meniň üçin her bir adamyň öz göwnünden çykaryp beren sadakasyny kabul ediň. Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerindäki galalarda ysraýyl doganyňyzyň biri mätäçlik çekse, doňýürek bolmaň, zada mätäç doganyňyz üçin eliňizde baryny aýamaň. Siz karz bereniňizde, eliňiz hem, göwnüňiz hem açyk bolsun, çünki Hudaýyňyz Reb şonuň hasabyna siziň ähli işleriňize we her bir başlan işiňize bereket berer. Eger nesihatçy bolsa, nesihat bersin; mätäçlere haýyr-sahawat ediji bolsa, muny sahylyk bilen etsin. Eger baştutanlyk berlen bolsa, muny yhlas bilen ýerine ýetirsin, rehim-şepagat etmeklik berlen bolsa, muny göwünjeňlik bilen etsin. Olar agyr muşakgatlarda synalsa-da, joşgunly şatlykdan dolup-daşýarlar. Garyplygy çenden agyr bolsa-da, sahylyga baýdyrlar. Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.
Выбор основного перевода