Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar. Hawa, Ýahudyýadaky imansyzlaryň maňa zyýan ýetirmezligi üçin, Hudaýyň şol ýerdäki halky tarapyndan Iýerusalimdäki hyzmatymyň kabul edilmegi üçin Hudaýa doga-dileg ediň. Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troas şäherine baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açyldy. Olar Hudaýyň Iýerusalimdäki halkyna edilýän hyzmata özleriniň hem şärik edilmegini sorap, bize ýalbardylar. Biz özümize bellenilen çäkden çykmaýarys. Eger size barmadyk bolsadyk, onda bellenen çäkden çykyp, çendenaşa magtandygymyz bolardy. Ýöne biz Isa Mesihiň Hoş Habaryny size-de ýetirdik ahyryn! Şonda biz siziň sebitleriňizden has uzaklarda-da Hoş Habary wagyz edip bileris. Sebäbi biz başganyň çäklerindäki taýýar işler bilen öwünmek islemeýäris. Soňra men gökde uçup ýören bir perişdäni gördüm. Ol ýer ýüzünde ýaşaýanlara: her millete we tirä, her dile we her halka yglan etjek bolup, ebedi Hoş Habary getirýärdi.
Выбор основного перевода