Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Olar Hudaýyň demi bilen heläk bolýarlar, Onuň gazaby bilen ýok bolýarlar. Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň. Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler. Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder, Liwanyň ähli beýik we belent başly kedr agaçlaryna, Başanyň bar dublaryna garşydyr, Ähli belent daglara, beýik depelere garşydyr. Her bir beýik diňe, her bir berk gala garşydyr. Tarşyş gämileriniň baryny, owadan gaýyklaryň hemmesini ýok eder. Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün diňe Reb beýgeldiler. Butlar bütinleý ýok ediler. Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler. Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar. Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler. Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň. Kim bolupmyş olar? Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.
Выбор основного перевода