Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Sen ýüregiňde diýdiň: «Göklere çykaryn, tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan ýokarda goýaryn. Jemagatyň toplanan dagynda, Zafon dagynda oturaryn. Bulutlaryň depesine çykaryn, Beýik Hudaý ýaly ederin özümi». «Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň. Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.
Выбор основного перевода