Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýöne çaga elini ýene yzyna çekip aldy we onuň inisi ilki doguldy. Göbegene: «Sen nädip zor bilen çykdyň?» diýdi. Şol sebäpden hem onuň adyna Peres dakyldy. Ýahudanyň ogullary: Er, Onan, Şela, Peres, Zera. Bulardan Er bilen Onan Kenganda ölüpdiler. Peresiň ogullary: Hesron, Hamul. Karmynyň ogly: Akar. Ol Rebbe bagyş edilen zady alyp, günä etdi we Ysraýylyň başyna bela getirdi. Azuba ölenden soň, Kalep Efraty aýallyga aldy; Efratdan Hur doguldy. Ine, şular Kalebiň nesilleridir. Kalebiň aýaly Efratdan nowbahar ogly Hur doguldy. Huruň üç ogly bolup, birinjisiniň ady Şobaldy, ol Kirýatýegarymy esaslandyrypdy.
Выбор основного перевода