Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Şundan soň ysraýyllar bilen piliştliler Gopda söweşe başladylar. Şonda huşaly Sibekaý iri adamlaryň neslinden bolan Sap diýen birini öldürdi. Soňra olar piliştliler bilen Gopda ýene çaknyşdylar. Şonda beýtullahamly Ýagyryň ogly Elhanan gatly Jaludy öldürdi. Jaludyň naýzasynyň sapy pürs ýalydy. Gat galasynda ýene uruş boldy. Ol ýerde ýene piliştlileriň iri neslinden, elleri we aýaklary alty-altydan ýigrimi dört barmakly şilliň uzyn biri bardy. Ysraýyla sögendigi üçin Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonatan ony öldürdi. Bularyň dördüsi-de Gat galasynyň iri nesillerindendiler. Olar Dawudyň hem-de onuň esgerleriniň elinden öldüler.
Выбор основного перевода