Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Birnäçe wagtdan soň Ammon patyşasy Nahaş ölüp, ýerine ogly Hanun tagta çykdy. Dawut: «Nahaş maňa wepaly boldy, men hem onuň ogly Hanuna wepaly bolaýyn» diýdi. Ony kakasy üçin çekýän hasratyndan köşeşdirmek üçin, Dawut onuň ýanyna birnäçe çaparlar ýollady. Dawudyň çaparlary Ammon ýurduna baranda, ammon begleri öz patyşasyna şeýle diýdiler: «Dawut saňa köşeşdirijileri ataňyň hormaty üçin iberendir öýdýäňmi? Ol öz çaparlaryny galany basyp almak üçin, ony gözden geçirmäge iberendir». Şonda Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallarynyň deň ýarysyny syrdyryp, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy. Bu hakda Dawuda habar berenlerinde, ol: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihoda boluberiň, soň gelersiňiz» diýen tabşyryk bilen olaryň öňünden adam iberdi, çünki olar gaty utanýardylar. Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular. Dawut muny eşidip, Ýowap bilen batyr esgerli tutuş goşuny olaryň garşysyna sürdi. Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular. Emma Soba bilen Rehop galalaryndan gelen siriýalylar we Topuň hem Magakanyň adamlary açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular. Özüniň hem arkasynda, hem öňünde söweşiň ýaýbaňlanandygyny gören Ýowap Ysraýylyň saýlama esgerlerini alyp, olary siriýalylaryň garşysyna nyzama duruzdy. Galan goşuny öz dogany Abyşaýyň eline berdi we olary ammonlaryň garşysyna nyzama duruzdy. Ýowap: «Bardy-geldi siriýalylar menden güýçli çykaýsalar, sen maňa kömege ýetişersiň; bardy-geldi ammonlar senden güýçli bolup çykaýsalar, onda men saňa kömege ýetişerin. Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini eder» diýdi. Şeýdip, Ýowap hem onuň goşunlary siriýalylara garşy söweşe girişdiler; duşmanlar Ýowapdan gaçdylar. Siriýalylaryň gaçanyny gören ammonlar Abyşaýdan gaçyp, gala girdiler. Şondan soň Ýowap ammonlar bilen söweşmesini bes edip, yzyna gaýtdy we Iýerusalime geldi. Özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerini gören siriýalylar bir ýere toplanyşdylar. Hadadgezer Ýewfradyň aňyrsyndaky siriýalylara habar ýollap, söweşe çykardy. Olar Hadadgezeriň goşunbaşysy Şobagyň baştutanlygynda Heýlam galasyna geldiler. Dawut muny eşidip, ähli ysraýyllary toplap, Iordan derýasyndan geçdi we Heýlam galasyna geldi. Siriýalylar Dawudyň garşysyna nyzama durdular we söweşe girişdiler. Siriýalylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini hem-de pyýada goşundan kyrk müň adamy öldürdi. Ol siriýalylaryň goşunbaşysy Şobagy ýaralady; Şobak şol ýerde jan berdi. Hadadgezere tabyn bolan hanlaryň ählisi özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerine göz ýetirdiler; olar bilen ylalaşyk baglaşyp, olara boýun egdiler. Siriýalylar hem mundan beýläk ammonlara kömek etmekden gorkdular.
Выбор основного перевода