Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
«Reb Obededomyň hojalygyny hem-de oňa degişli bolanlaryň ählisini Hudaýyň sandygy üçin ýalkady» diýip, Dawut patyşa habar berdiler. Dawut gidip, Hudaýyň sandygyny uly şatlyk bilen Obededomyň öýünden Dawut galasyna getirdi. Rebbiň sandygyny göterijiler alty ädim ýöränden soň, Dawut bir öküz bilen semiz göläni gurbanlyk berdi. Dawut nepis zygyr matadan tikilen efot geýip, Rebbiň huzurynda bar güýji bilen joşup tans edýärdi. Şunlukda, Dawut hem-de tutuş ysraýyl halky şatlyk bilen gygyryşyp, şahdan edilen surnaý çalyp, Rebbiň sandygyny getirýärdiler. Şeýlelikde, Dawut Hudaýyň sandygyny öz ýanyna Dawut galasyna getirmedi. Ol sandygy gatly Obededomyň öýünde goýdy.
Выбор основного перевода