Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Sur patyşasy Hiram Dawudyň ýanyna ilçiler bilen kedr agaçlaryny, agaç ussalarydyr köşk gurujy ussalary iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular. Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň tutuş Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna öz patyşalygyny beýgeldendigine düşündi. Dawut Hebrondan gelenden soň, Iýerusalimde ýene-de gyrnaklardyr aýallar aldy. Olardan hem Dawudyň ogul-gyzlary boldy. Onuň Iýerusalimde doglan çagalarynyň atlary şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan, Süleýman, Ýybhar, Elişuwa, Nepek, Ýapyýa, Elişama, Elýada, Elipelet. Dawudyň tutuş Ysraýyla patyşalyga bellenilendigini eşidende, ähli piliştliler aýaga galyp, onuň gözlegine çykdylar. Dawut muny eşidip, çöldäki gala gitdi. Piliştliler gelip, Rapa jülgesine ýaýradylar. «Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, piliştlileri şübhesiz seniň eliňe berjekdirin» diýdi. Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gelip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Ol: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Reb-de duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy. Dawut bilen onuň adamlary piliştlileriň taşlap giden butlaryny aldylar. Piliştliler ýene gelip, Rapa jülgesine ýaýradylar. Dawut Rebbe ýüz tutanda, Reb şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur. Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, taýýar bol, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men – Rebbiň seniň öňüňe düşdügimdir». Dawut Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ol Gebadan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy.
Выбор основного перевода