Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduny mülk edinip, ol ýerde ornaşanyňyzda: „Biz hem daş-töweregimizdäki beýleki halklar ýaly özümize patyşa saýlalyň“ diýersiňiz. Siz özüňize diňe Hudaýyňyz Rebbiň saýlan adamyny patyşa edip belläň. Saýlan patyşaňyz öz ysraýyl doganlaryňyzyň biri bolsun. Ysraýyl doganyňyzdan bolmadyk keseki ýurtlyny özüňize patyşa saýlamaň. Barybir halk Şamuweliň sözüne gulak asmady. Olar: «Ýok! Bizde patyşa bolsun! Şeýdip, biz hem beýleki milletlere meňzäris. Biziň üstümizden patyşamyz hökmürowanlyk eder, öňümize düşer, uruşlarymyzda bize baş bolar» diýdiler. Seni halas eder ýaly, seniň patyşaň nirede? Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“ diýipdiň. Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede? Onsoň ysraýyl halky patyşa talap etdi. Hudaý olara Kişiň ogly Şawuly patyşa edip berdi. Benýamin tiresinden bolan Şawul kyrk ýyl höküm sürdi.
Выбор основного перевода