Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
günortada ýaşaýan awalar, Müsüriň gündogaryndaky Şihor derýasyndan demirgazyk Ekronyň araçägine çenli ýerler. Bu ýerler kenganlaryň ýerleri hasaplanýar. Şeýle hem, oňa piliştlileriň bäş galasy: Gaza, Aşdot, Aşkelon, Gat we Ekron degişlidir. Olar: «Eger siz Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny yzyna gaýtarmakçy bolsaňyz, onda ony boş goýbermäň, Hudaýa ýazyk gurbanlygyny beriň. Şonda siz beladan gutularsyňyz we Onuň näme sebäpden özüňizi yzyny üzmän jezalandyrandygyna göz ýetirersiňiz» diýdiler. Piliştliler: «Biz Oňa nädip ýazyk gurbanlygyny bermeli?» diýip, olardan soradylar. Olar şeýle jogap berdiler: «Piliştli hanlaryň sanyna görä bäş sany çykuwyň, bäş sany-da syçanyň altyndan şekilini ýasaň. Çünki bu bela siziň özüňize-de, hanlaryňyza-da deň derejede degişlidir. Rebbiň sandygyny şol arabada ýerleşdiriň; ýazyk gurbanlygy hökmünde Rebbe iberýän altyn şekilleriňizi hem guta salyp, onuň gapdalynda goýuň. Soňra ony ýola salyň, goý, ol öz ugruna gitsin.
Выбор основного перевода