Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Piliştliler toplandylar we gelip, Şunemde düşelge gurdular. Şawul hem ähli ysraýyllary jemläp, Gilbowada düşelge gurdy. Ýaş ýigit Dawuda şeýle jogap berdi: «Edil şol wagt men Gilboga dagyndadym. Men Şawulyň naýzasyna söýenip duranyny, duşmanyň söweş arabalarynyň we olary sürýän esgerleriň bolsa oňa golaýlaşyp barýandyklaryny gördüm. Eý, Gilboga daglary! Üstüňize çyg-da, ygal-da düşmesin! Sizden hasyl önmesin! Çünki gerçegiň galkany, Şawulyň gaýdyp ýaglanmajak galkany siziň üstüňizde syndy. Dawut baryp, Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň süňküni Gilgatdaky ýabeşlilerden aldy. Piliştliler olary Gilbogada öldürip, Beýtşeýan meýdançasynda asypdylar. Gilgatdaky ýabeşliler bolsa olary Beýtşeýan meýdançasyndan ogurlapdylar.
Выбор основного перевода