Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar. Şawul keýnlere: «Amalekler bilen bile paýhynlanasyňyz gelmeýän bolsa, ol ýerden çykyň; ysraýyl halky Müsürden çykyp gaýdanda, siz oňa ýardam edipdiňiz» diýip habar ýollady. Şunlukda, keýnler ol ýerden çykdylar. Şawul dagyň bir tarapyndan, Dawut bolsa adamlary bilen dagyň beýleki tarapyndan barýardy. Şawul bilen onuň adamlarynyň Dawudy we onuň adamlaryny gabawa salmaklaryna az wagt galypdy, Dawut gaçmaga howlugýardy. Rakaldaky, ýerahmeýelleriň galalaryndaky, keýnleriň galalaryndaky, Hesronyň ogullary: Ýerahmeýel, Ram we Kelubaý. Hesronyň nowbahar ogly Ýerahmeýeliň ogullary: nowbahar ogly Ram, Buna, Oren, Osem we Ahyýa.
Выбор основного перевода