Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
siz bukudan çykyp, galany eýeläň. Çünki Hudaýyňyz Reb bu galany siziň eliňize berjekdir. Reb Gidegona: «Suwy dili bilen içen üç ýüz adam bilen sizi halas ederin; midýanlary siziň eliňize bererin; galan ähli adamlar öz öýlerine gaýtsynlar» diýdi. Hudaýyň Äht sandygy şonda şol ýerdedi we oňa Harunyň ogly Elgazaryň ogly Pinehas ýolbaşçylyk edýärdi. Ysraýyllar Rebden: «Doganymyz bolan benýaminleriň garşysyna söweşmäge gidelimi ýa-da ýok?» diýip soradylar. Reb: «Gidiň, ertir Men olary siziň eliňize bererin» diýdi. «Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, piliştlileri şübhesiz seniň eliňe berjekdirin» diýdi.
Выбор основного перевода