Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma ol ýamanlyk etmegi ýüregine düwäýse, menem ony saňa ýetirmesem, seni sag-salamat ýola salmasam, onda, goý, Reb maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin. Reb kakama ýar bolşy ýaly, saňa-da ýar bolsun. Onsoň Dawut: «Şu ýerde Beýik Hudaýyň öýi hem-de Ysraýyl üçin ýakma gurbanlyk sypasy bolsun» diýdi. Eliňde ummasyz işçi güýji bar: daş ýonujylaryň, kerpiç örüjileriň, agaç ussalaryň, san-sajaksyz ussat zergärleriň, kümüş, bürünç hem demir ussalaryň bardyr. Indi işe başla, Reb saňa ýar bolar!» Erbet adam hiç kim kowalamasa-‑da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr. Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.
Выбор основного перевода