Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Hudaý olara: «Indi Men size ýer ýüzünde tohum berýän ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan miweli agaçlary berýärin, olar size iýmit bolar. Janly-jandarlaryň ählisi size iýmit bolar; edil gök ösümlikleri berşim ýaly, olaryň hemmesini Men size berýärin. Kim haýsydyr bir güni wajyp saýýan bolsa, muny Reb üçin saýýandyr. Kim hemme zady iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, sebäbi ol iýýän zatlary üçin Hudaýa şükür edýändir. Kim käbir zatlary iýmeýän bolsa, Rebbiň hatyrasy üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir. Ýöne öýlenseň-de, bu günä däldir. Boý gyz hem durmuşa çyksa günä däldir. Emma durmuş guranlar bu durmuşda köp kynçylyklara duçar bolarlar. Men sizi şolardan goramak isleýärin. Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.
Выбор основного перевода