Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Dogry ýola düşer ýaly, erbet adamy öz ýolundan habardar etseň, emma ol şonda-da öz ýolundan dönmese, ol etmişi sebäpli öler, emma sen öz janyňy halas edersiň. Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar. Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy. Şunuň bilen birlikde siz arkaly öz ildeşlerimiň gabanjaňlygyny oýaryp, olardan käbiriniň halas bolmagyna ýardam ederin diýen umydym bar. Emma sen öz öwrenen we ynanýan taglymatyňa sadyk gal. Çünki ony kimlerden öwrenendigiňi bilýänsiň.
Выбор основного перевода