Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Emma Men size diýýärin: ýaramaz adama garşy durma. Seniň sag ýaňagyňa urana, beýleki ýaňagyňy-da tut. Seniň bilen dawalaşyp, köýnegiňi aljak bolýana donuňy-da ber. Bir ýaňagyňa urana beýleki ýaňagyňy-da tut. Donuňy alandan köýnegiňi hem gaýgyrma. Ýamanlyga ýamanlyk etmäň, tersine, hemmelere ýagşylyk etmäge ymtylyň. Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär. Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň.
Выбор основного перевода