Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Biz Mesihiň ölüminde Onuň bilen birigen bolsak, onda direlişinde-de Onuň bilen birigeris. Eger biz Mesih bilen ölen bolsak, onda Onuň bilen ýaşajakdygymyza hem ynanýarys. Eger Isa Mesihi ölümden Direldeniň Ruhy kalbyňyzda ýaşaýan bolsa, onda Ol kalbyňyzda ýaşaýan Öz Ruhy arkaly Isa Mesihi direldişi ýaly, siziň-de pany teniňizi ölümden direlder. Munuň üstesine-de, biziň Hudaý barada ýalan şaýatlyk etdigimiz bolýar. Sebäbi biz Hudaý Isa Mesihi direltdi diýip şaýatlyk edýäris ahyryn. Eger merhumlar direlmeýän bolsa, onda Hudaý Isa Mesihi-de direlden däldir. Ýöne Isa Mesih hakykatdan-da ilkinji bolup ölümden direldi. Bu beýleki merhumlaryň hem direljekdigini kepillendirýär. Biz Reb Isany ölümden direlden Hudaýyň bizi hem Isa bilen bilelikde direldip, siz bilen birlikde Öz huzurynda goýjakdygyny bilýäris.
Выбор основного перевода