Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Olar Musa bilen dawalaşyp, ondan içer ýaly suw talap etdiler. Musa olara: «Näme üçin siz meniň bilen dawalaşýarsyňyz? Näme üçin siz Rebbi synaýarsyňyz?» diýdi. Ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy. Onsoň ysraýyllar Hor dagyndan göçüp, Edom ýurdunyň daşyndan aýlanyp ötmek üçin, Gyzyl deňziň ýoly bilen gitdiler. Emma ýolda halk sabyrsyzlyk etdi. Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler. Reb muňa jogap edip, halkyň arasyna zäherli ýylanlar iberdi. Olaryň zäherinden ysraýyllardan köp adam öldi.
Выбор основного перевода