Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, iýiň, bu Meniň bedenimdir» diýdi. Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň şägirtlerine berip: «Şundan hemmäňiz içiň. Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir. Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi. Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň, olara berdi, hemmesi ondan içdi. Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht ganymdyr. Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin gurban edilýän bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir.
Выбор основного перевода