Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Selaniklilere haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň. Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler. Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder, Liwanyň ähli beýik we belent başly kedr agaçlaryna, Başanyň bar dublaryna garşydyr, Ähli belent daglara, beýik depelere garşydyr. Her bir beýik diňe, her bir berk gala garşydyr. Tarşyş gämileriniň baryny, owadan gaýyklaryň hemmesini ýok eder. Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün diňe Reb beýgeldiler. Butlar bütinleý ýok ediler. Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler. Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar. Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler. Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň. Kim bolupmyş olar? Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar. Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-‑de Ogul bilýändir, diňe Ata bilýändir. Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz. Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, öýüni talatmazdy. Siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler».
1 Selaniklilere haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода