Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Selaniklilere haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi: «Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan bir kazy bar eken. Ol kazy adamlary äsgermeýän eken. Şol şäherde bir dul aýal hem bar eken. Ol üznüksiz kazynyň ýanyna gatnap: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber“ diýip ýalbarypdyr. Kazy birnäçe wagtlap muny etmändir. Ahyrsoňy ol öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de, dyngysyz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul aýalyň hakyny alyp bereýin. Indi bir gelip, meniň gulak etimi guratmasyn“ diýýär». Reb Isa ýene sözüni dowam etdi: «Adalatsyz kazynyň näme aýdanyna gulak asyň. Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy? Size şuny aýdýaryn: olaryň hakyny tiz alyp berer. Ýöne Ynsan Ogly gelende, ýeriň ýüzünde imanly adam taparmyka?» Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.
1 Selaniklilere haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода