Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Pawlus Derbe we Listra şäherlerine geldi. Listrada Timoteos atly Isanyň bir şägirdi bardy. Onuň ejesi imanly ýahudydy, kakasy bolsa grekdi. Listradaky we Ikoniýadaky doganlar ol barada gowy sözler aýdýardylar. Pawlus Timoteosy özi bilen äkitmek isleýärdi. Şonuň üçin ony sünnet etdirdi, sebäbi ol ýerde ýaşaýan ýahudylaryň hemmesi Timoteosyň kakasynyň grekdigini bilýärdi. Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam! Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Kolosiýadaky Hudaýyň halkyna, ýagny Mesihe degişli bolan sadyk doganlarymyza dogaýy salam! Atamyz Hudaýyň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun! Ýustus lakamly Ýeşuwa hem size salam aýdýar. Hudaýyň Şalygy ugrunda zähmet çekýän ýahudy işdeşlerim diňe şulardyr. Olar maňa teselli berip gelýärler.
Выбор основного перевода