Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazar meýdançasyna süýräp getirdiler. Olary häkimleriň öňüne getirip: «Bu adamlar şäherimizde başagaýlyk döredýärler. Özleri hem ýahudylar, biz bolsa rimliler, olar biziň kanunymyza ters gelýän adatlary wagyz edýärler. Bize olaryň adatlaryny kabul etmek ýa-da berjaý etmek gadagandyr» diýdiler. Halk hem Pawlus bilen Silasa garşy aýaga galdy. Şeýlelikde, häkimler esgerlere olaryň eşiklerini sypyryp, taýaklap urmagy buýurdylar. Köp taýaklanlaryndan soň, zyndana saldylar-da, zyndanyň baş gözegçisine olary berk saklamagy tabşyrdylar. Ol hem şeýle buýruk alansoň, olary zyndanyň içki bölümine salyp, aýaklaryna gandal baglady. Pawlus bilen Silas Anfipol we Apoloniýa şäherleriniň içinden geçip, Salonikä geldiler. Ol ýerde ýahudylaryň bir sinagogasy bardy. Pawlus adatdakysy ýaly sinagoga gitdi we üç Sabat güni olar bilen Mukaddes Ýazgylar boýunça gürrüň etdi. Ol Mesihiň görgi görmeginiň we soňra ölümden direlmeginiň gerek bolandygyny düşündirip subut etdi. Ol: «Meniň size wagyz edýän Isam Mesihdir» diýdi. Olardan käbiri Pawlus bilen Silasa ynanyp, olara goşuldylar. Şeýle hem Rebbe sežde edýän köp sanly grekler we ýokary mertebeli ençeme aýallar olara goşuldylar. Emma ýahudylar göripçilik etdiler, olar bazarda bikär gezip ýören erbet adamlaryň birnäçesini ýanlaryna toplap, şäherde gozgalaň turuzdylar. Pawlus bilen Silasy tapyp, mähelläniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne döküldiler. Siz meniň göreşimi özüňiz gördüňiz, ol barada şindi hem eşidýänsiňiz. Bu göreşime siz hem şäriksiňiz. Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn. Eý, doganlar! Biziň ýaýradýan Hoş Habarymyz size diňe söz bilen däl, eýsem Mukaddes Ruhuň güýji we berk ynam bilen gowuşdy. Şonda biz Hudaýyň sizi söýüp, saýlandygyna göz ýetirdik. Biz siziň araňyzda bolanymyzda nähili ýaşandygymyzy özüňiz-de bilýänsiňiz.
Выбор основного перевода