Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Nesliňiň dördünji arkasy bu ýere dolanyp geler, çünki amorlaryň günäsi heniz jeza almak derejesine ýetenok». «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Soňy geldi! Ýurduň dört künjeginiň soňy geldi! Ine, siziň soňuňyz geldi! Men siziň üstüňizden gazabymy indererin. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda üstüňizden höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin. Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, Men sizi öz ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Betbagtlyk! Ine, öň görlüp-eşidilmedik betbagtlyk gelýär! Soňuňyz geldi; hawa, soňuňyz geldi! Ol siziň garşyňyza oýandy; ine, gelýär! Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir. Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker». Beýle bolsa, ata-babalaryňyzyň başlan işlerini tamamlaň indi! Eý, ýylanlar! Eý, alahöwrenler nesli! Siz dowzahyň jezasyndan nähili gaçjaksyňyz?
Выбор основного перевода