Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Deňizden-deňze, Ýewfrat derýasyndan ýeriň uçlaryna çenli, goý, ol öz hökümini ýöretsin. Dillerinde öwgini Men ýaratdym, uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin». Saňa hyzmat etmedik millet we patyşalyk ýok bolar; şol milletler bütinleý weýran ediler. Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin». Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary. Ol halkyna parahatçylyk getirer. Aşurlylar ýurdumyza gelip, köşgümizi basgylasalar, biz ýedi çopany, sekiz serdary olaryň garşysyna ibereris. Reb diýýär: «Şol gün atlaryňyzy gyraryn, söweş arabalaryňyzyň ýoguna ýanaryn. Patyşalaryň tagtlaryny agdararyn, Men milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin. Söweş arabalarydyr olaryň üstündäkileri agdararyn, atlardyr olaryň çapyksuwarlaryny ýykaryn, her kim öz ýoldaşynyň gylyjyndan heläk bolar».
Выбор основного перевода