Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Ol öý ýykylmalydyr, onuň daşlary, agaçlary we öýüň ähli suwaglary, galanyň daşyna, harap zatlaryň zyňylýan ýerine çykarylyp taşlansyn. Reb erbetleriň öýüni näletleýär, dogruçyllaryň ýurduny bolsa ýalkaýar. Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär. Şonuň üçin toprak hasrat çekýär. Onda ýaşaýanlar ejizleýärler. Sähradaky haýwanlar hem asman guşlary, hatda deňizdäki balyklar gyrylýarlar. Öýüni haram gazanç bilen doldurýanyň, betbagtlyk penjesinden gaçmak üçin, öýüni belentlikde gurýanyň dat gününe! Köp halklaryň soňuna çykmak bilen öz öýüňizi utanja goýduňyz, janyňyzdan mahrum bolduňyz. Hatda diwar daşlary bu barada gygyrarlar, agaç pürsi jogap berer. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.
Выбор основного перевода