Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Ýoşyýa patyşanyň döwründe Müsüriň patyşasy faraon Neko Aşur patyşasyna kömek bermek üçin, Ýewfrat derýasyna tarap ýola düşdi. Ýoşyýa hem ony garşylamaga gitdi. Emma faraon Neko Ýoşyýa Megidoda sataşyp, ony şol ýerde öldürdi. Emma Ýoşyýa ondan el çekmän, gaýtam onuň garşysyna uruşmak üçin tanalmaz ýaly eşige girdi. Ýoşyýa Nekonyň Hudaý tarapyndan aýdan sözlerine gulak asman, onuň bilen uruşmak üçin Megido düzlügine çykdy. Ýaýçylar Ýoşyýa patyşa tarap ok atdylar. Patyşa öz nökerlerine: «Meni bu ýerden äkidiň, men agyr ýaralandym» diýdi. Şeýdip, Ýoşyýa patyşanyň nökerleri ony söweş arabasyndan alyp, özüniň ikinji bir söweş arabasyna mündürip, Iýerusalime getirdiler. Ýoşyýa Iýerusalimde dünýäden ötüp, atalarynyň gonamçylygynda jaýlanyldy. Bütin ýahuda we Iýerusalim halky Ýoşyýa üçin ýas tutdular. Ýermeýa Ýoşyýa üçin agy aýdymyny düzdi. Erkekdir aýal aýdymçylar öz agy aýdymlarynda şu güne çenli hem Ýoşyýa barada gürrüň edip, olary Ysraýylda adata öwürdiler. Olar agy kitabynda ýazylandyr.
Выбор основного перевода