Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Ähli çagalaryň Rebden taglym alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar. Ýahudany ýaý ýaly edip egerin, Efraýymy bolsa şol ýaýyň oky ederin. Eý, Sion, ogullaryňy greklere garşy galdyraryn! Seni elimde urşujynyň gylyjy dek oýnaryn. Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar. Siz hem şeýlesiňiz, häzir gam-gussa çekýärsiňiz, emma Men sizi ýene görerin, şonda göwnüňiz galkynar, hiç kim sizden şatlygyňyzy alyp bilmez.
Выбор основного перевода