Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi. Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin». Onsoň Süleýman patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Eger Adonyýa bu sözleri üçin öz jany bilen jogap bermese, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin. Patyşa ant içip: «Eger men şu gün Şapadyň ogly Elýaşanyň kellesini almasam, goý, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin» diýdi.
Выбор основного перевода