Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa: «Näme üçin sen Maňa perýat edýärsiň? Ysraýyllara aýt, goý, olar öňe tarap gitsinler. Musa elini göterip duranda, ysraýyllar ýeňýärdi, elini aşak goýberende bolsa, amalekler ýeňýärdi. Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň? Bagyş etmek üçin, Musa Harunyň başyna mesh ýagyny guýdy. Musa Rebbe şeýle diýdi: «Onda bu zatlary müsürliler eşiderler, onsoň olar muny biziň barýan ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna aýdarlar, çünki bu ysraýyl halkyny Öz gudratyň bilen müsürlileriň arasyndan Sen alyp çykdyň. Bu ýurduň ýaşaýjylary bolsa, ýa Reb, Seniň bu ysraýyl halkynyň arasyndadygyňy, ýa Reb, olar bilen ýüzbe-ýüz görüşýändigiňi, Seniň buludyňyň olaryň depesindedigini we olara gündizine bulut sütüni, gijesine ot sütüni bolup, ýol görkezýändigiňi eýýäm eşitdiler. Şamuwel heniz otukmadyk bir guzyny Rebbe başbütin ýakma gurbanlyk berdi. Soň ol Ysraýyl üçin Rebbe perýat etdi; Reb oňa seslendi. Olar Şamuwele şeýle diýdiler: «Öz gullaryňyň aman galmagy üçin, Hudaýyň Rebbe dileg et. Biz şu pis iş, ýagny özümize patyşa talap etmek bilen öz günämizi has-da agraldypdyrys». Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!
Выбор основного перевода