Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Näme üçin pisler ýaşaýarlar, gojalyga ýetip, gujur-gaýratlary artýar? Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar, gök ösümlik kimin saralyp solar. Emma günäliler bütinleý weýran ediler; erbetleriň gelejegi ýok bolar. Seniň nazaryňda müň ýyl düýnki geçen gün ýa gijäniň nobaty ýaly. Emma ägirt suwlar sesinden, kuwwatly deňiz tolkunlaryndan, beýikdäki Reb has kuwwatlydyr. Ulumsylyk saçýar olaryň agzy, öwünýär betkärleriň hemmesi. Goý, olar üçekde gögerip, güllemänkä solýan ot kimin bolsun. Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?
Выбор основного перевода