Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez. Ol seni açlykda ölümden, uruşda gylyçdan gutarar. Ol seni duzly dilden gorar, gyrgyn gelende, sen gorkmarsyň. Gyrgynyň, açlygyň üstünden gülersiň, ýabany haýwanlardan heder etmersiň. Meýdan daşlary bilen dil tapyşarsyň, ýabany haýwanlar bilen agzybir bolarsyň. Duýdansyz gelýän howpdan, erbetleriň başyna inen weýrançylykdan gorkma. Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň. Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni. Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr, Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr. Tüm garaňky dereden geçäýemde-de, ýamanlykdan gorkmaýaryn men, çünki Sen meniň bilensiň. Seniň hasaň, çopan taýagyň aram berýär janyma meniň. Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär; bigünäni bukudan atmakçy bolup, ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär; duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar. Çünki Hudaýymyz Reb – Günümiz we galkanymyz, Ol merhemet we şöhrat berýär; Ol dogry ýoldan ýöreýänlerden hiç bir ýagşylygyny gaýgyrýan däldir. Ählisi gylyçly, söweşe ökde; gijäniň wehiminden billeri gylyçlydyr.
Выбор основного перевода