Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» diýip sorady. Ol: «Habarym ýok, men näme doganymyň sakçysymy?» diýdi. Siziň ganyňyzy dökene ölüm jezasyny bererin. Adam öldüren islendik haýwana ýa-da ynsana Men jeza bererin. Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar». Onsoň tişbeli Ylýas pygambere Rebbiň sözi aýan boldy: «Sen Samariýa patyşalyk edýän ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna git. Ol häzir Nabodyň üzümçiligindedir. Ol ony öz eýeçiligine almaga gitdi. Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdiň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“». Çünki mätäç hemişelik unudyljak däl, garybyň umydy hem baky ýitjek däl. Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaý, galdyr eliňi, ýadyňdan çykarma Sen ejizleri. Näme üçin erbetler Hudaýy ret edýär? ýüreginde: «Sen hasap soramarsyň» diýýär?
Выбор основного перевода