Eý, Hudaý, çagyrýan Seni, çünki Sen berersiň maňa jogaby, gulak goý-da, eşit meniň sözümi.
Maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma; bol Sen meni penalaýan bir gaýa, halas bolmagym üçin bir mäkäm gala.
Men bolsa garyp we mätäçdirin, ýöne Taňry maňa gamhorlyk eder; Sensiň kömegim hem Halasgärim, eglenme, eý, meniň Hudaýym!
Seniň huzuryňa doga-dilegim barsyn, diňle meniň dat-perýadymy.