Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.) Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler. Emma Hudaý olardan ýüz öwrüp, asman jisimlerine sežde etsinler diýip, olary terk etdi. Pygamberler kitabynda, ine, şeýle ýazylan: „Eý, ysraýyl halky, kyrk ýyllap çölde gezeniňizde, Maňa gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi? Geçen döwürde Hudaý ähli milletlere öz ýollary boýunça ýöremäge rugsat berdi. Şonuň üçin Hudaý olary ýürekleriniň günäli höwesleriniň eden-etdiligine tabşyrdy. Şu sebäpden olar biri-biriniň bedenlerini haýasyz işleri bilen wejera etdiler. Hawa, olar hakykaty ret edensoňlar, Hudaý olary özleriniň wejera höweslerine tabşyrdy. Hatda aýallar hem tebigy jyns gatnaşygyny ret etdiler. Olar tebigy bolmadyk jyns gatnaşyklara ýüz urup, biri-birleri bilen ýatyp turýarlar.
Выбор основного перевода