Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Hudaý iki sany beýik şamçyragy – gündizi dolandyrmak üçin uly şamçyragy, gijäni dolandyrmak üçin kiçi şamçyragy hem-de ýyldyzlary döretdi. Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär. Gökler Seniňki, Ýer-de Seniňki, Sen berkarar etdiň älemi, ondaky ähli zatlary. Iňňildimiň zaryndan ýaňa, meniň derim süňklerime ýapyşýar. Beýikdir Rebbiň işleri, olary agtarýar bar muşdaklary. Gije höküm sürer ýaly Aýy, ýyldyzlary ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky. Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetleri: ebedi gudraty we hak Hudaýdygy dünýä ýaradylaly bäri Onuň ýaradan zatlaryndan mese-mälim görünýändir. Şoňa görä-de, adamlaryň: «Hudaý hakda bilmeýäris» diýmäge hiç tutarygy ýokdur.
Выбор основного перевода