Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen galkarsyň, Siona rehim edersiň, çünki oňa merhemet etmek wagtydyr; ýetip geldi bellenen wagt. Jebraýyl maňa şeýle diýdi: «Diňle, ahyrky gahar-gazap günleri nämeleriň boljagyny men saňa aýdaýyn. Çünki bu görnüş ahyrzamanyň bellenen wagtyna degişlidir. Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez. Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur. Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär. Indi aýdym aýdyp, şerap içmezler, agyzlara ajy deger içgi.
Выбор основного перевода