Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Diňe Rebden gorkuň we Oňa tüýs ýürekden, wepadarlyk bilen gulluk ediň. Görüň, Ol siziň üçin nähili gudratly işleri etdi! Şeýle diýer meniň ähli süňklerim: «Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy? Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden, pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan». Seniň dogrulygyň belent daglar deý, Seniň adalatly hökümleriň düýpsüz çuňluk deý. Ýa Reb, Sen ynsany, haýwany halas edýärsiň. Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär, wepalylygyň bulutlara direýär. Şonda gülküden doludy biziň agzymyz, şatlyk şowhunyndan – biziň dilimiz. Şonda milletler arasynda şeýle diýildi: «Reb olara beýik işleri etdi». Gudratygüýçli meniň üçin beýik işler etdi. Onuň ady mukaddesdir.
Выбор основного перевода