Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Janymyň kastyna çykanlar, goý, utanyp masgara bolsun; maňa garşy erbetlik niýetlänler yzyna dönsün, ýüzi gyzarsyn. Goý, olar ýel öňündäki ownuk saman dek bolsun; Rebbiň perişdesi olary syryp äkitsin. Goý, olaryň ýoly garaňky hem sürçek bolsun; Rebbiň perişdesi olary kowsun. Çünki sebäpsiz ýere meniň üçin duzak gurdular; sebäpsiz ýere meniň üçin çukur gazdylar. Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin, gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün. Olar şeýle diýýär: «Goý, onuň garşysyna erbet adam çyksyn, garalawjy onuň sagynda dursun. Işine garalanda, aýyply çyksyn, onuň doga-dilegi günä saýylsyn. Onuň günleri sanlyja bolsun, başga onuň ornuny alsyn. Onuň çagalary, goý, ýetim bolsun, aýaly hem dul bolup galsyn. Çagalary entäp, goý, gedaý gezsin, harabalyklaryndan çykarylyp, çörek dilesin. Süýthor onuň bar zadyny garbasyn, agyr zähmetiniň rähnetini keseki görsün. Hiç kim oňa, goý, merhemet etmesin, ýetimlerine hiç kimiň haýpy gelmesin. Goý, onuň nesli kesilsin, geljekki nesilden onuň ady, goý, öçürilsin. Atalarynyň günäsi elmydama Rebbiň öňünde, goý, ýatlanylsyn, ejesiniň ýazygy öçürilmesin! Goý, günäleri elmydama Rebbiň öňünde bolsun, ýer ýüzünde ýatlanmaz ýaly, goý, Ol ony kesip taşlasyn. Dawut hem olar barada şeýle diýýär: «Olara öz saçagy gapan we duzak bolsun, büdreme daşy we aljak jezasy bolsun. Goý, gözleri garaňkyrasyn, görüp bilmesin, billeri ömürlik bükülip galsyn».
Выбор основного перевода