Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Üstüne betbagtçylyk abananda, Hudaý onuň perýadyny eşidermi? Seresap bol! Pislikden ýüz öwür, seni günäden saklamak üçin muşakgatlyk iberildi. Reb erbetlerden daşdadyr, dogruçyllaryň dogasyny bolsa eşidýär. Kim kanuny diňlemezlik üçin gulagyny dykýan bolsa, onuň Hudaýdan dilegi-de ýigrenjidir. Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr. Ýazyklaryňyz Hudaýyňyz bilen araňyza aýralyk saldy, sesiňizi eşitmez ýaly, günäleriňiz Onuň ýüzüni sizden gizledi. Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, emma kim Oňa sežde edip, Onuň yradasyny berjaý etse, Hudaý ony diňleýär. Diläniňizde-de, hiç zat almaýarsyňyz, sebäbi ýaman niýet bilen, öz nebsiňizi doýurmak üçin dileýärsiňiz.
Выбор основного перевода