Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma gulum Kalebiň ruhy olaryňky ýaly däl, ol bütin ýüregi bilen Meniň yzyma eýerdi. Şonuň üçin Men ony özüniň synlan ýurduna alyp bararyn. Onuň nesilleri ony eýelärler. Ýeňiş galkanyňy maňa berýärsiň, Seniň goluň meni goldaýar, Seniň kömegiň-de meni beýgeldýär. Sen meni aýypsyzlygymda berkidýäň; Öz huzuryňda ebedilik duruzýaň. Elim elmydama ony söýgetlär, golum hem ony kuwwatlandyrar. Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.
Выбор основного перевода