Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Atalar heläkçiligini öz gözleri bilen görsünler, olar Gudratygüýçliniň gazabyndan içsinler. Oýan, ýa Taňry, näme üçin uklaýaň? Galk Sen, bizi baky taşlama. Köp görgä, ýaman muşakgatlara meni uçratdyň, ýöne gaýtadan meni ýaşaýşa gowuşdyrarsyň, ýeriň teýinden meni ýene çykararsyň Sen. Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler. Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, serhoşlyk käsesini başyňa çekdiň. Taňry Rebbiňiz, Öz halkyny goraýan Hudaýyňyz şeýle diýýär: «Ine, Men serhoş edýän käsäni eliňden aldym, Meniň gazap käsämden mundan beýläk içmersiň. Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir.
Выбор основного перевода