Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz aýaklary bilen tora düşýärler, özleri garyma ýykylýarlar. Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar, gazan çukuryna-da onuň özi düşýär. Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy. Çünki sebäpsiz ýere meniň üçin duzak gurdular; sebäpsiz ýere meniň üçin çukur gazdylar. Reb söýgetleýär ähli ýykylanlary, Ol dikeldýär ähli bükülenleri. Kim gorp gazsa, oňa özi ýykylar, kim ýokary daş togalasa, ol öz üstüne gaýdar. Kim dogruçyllary ýaman ýola çekýän bolsa, öz gazan gorpuna özi ýykylar. Sadyklar bolsa ýagşylygy miras alarlar. Çukura ony gazýanyň özi gaçýandyr; diwary deşýäni ýylan çakýandyr.
Выбор основного перевода