Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn. Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar, Liwanyň kedr daragty deý boý alar. Olar ekilendir Rebbiň öýünde, gülleýärler Hudaýymyzyň howlularynda. Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr. Aýalyň miweli üzüm agajy deý bolar seniň öýüňde ogullaryň zeýtun nahallary deý – saçagyňyň başynda Reb saňa ‘Miwesi datly, ýaşyl ýaprakly zeýtun agajy’ diýip at berdi. Emma güýçli galmagally gopgun bilen ony oda berer, onuň şahalary ýanyp kül bolar. Ol pudak ýaýradar. Owadanlygy zeýtun agajy ýaly bolar. Liwanyň kedr agajy deýin ýakymly ys saçar.
Выбор основного перевода